Tölengi yzyna gaýtarmak düzgünleri
Halkara Talyplar üçin Tölegiň Yzyna Gaýtarylmagy Syýasaty
-
Tölegiň yzyna gaýtarylmagy diňe wizanyň ret edilmegi ýagdaýynda amala aşyrylýar.
-
Wiza ret edilen ýagdaýynda, dalaşgär talyp wizanyň ret edilendigini tassyklaýan sahypany ýa-da konsullyk tarapyndan berlen ret hatyny degişli forma goşup tabşyrmalydyr.
-
Dalaşgär talyp uniwersitetimiziň web sahypasyndaky "Öňünden Tölenen Tölegi Yzyna Gaýtarmak Arza Formasyny" dolduryp, konsullyk tarapyndan berlen ret haty bilen bilelikde Halkara Gatnaşyklar Müdirligine tabşyrmalydyr.
-
Forma doldurylandan soň, ony çap edip uniwersitetimize poçta arkaly ibermeli ýa-da şahsy ýagdaýda getirmeli.
Salgy:
Altunizade Mahallesi, Üniversite Sokagy No:14
34662 Üsküdar / Stambul / Türkiýe
-
Tölegiň yzyna gaýtarylmagy uniwersitetimiziň Maliýe Bölümi tarapyndan laýyk görülýän möhletde amala aşyrylýar.
-
Tölegiň yzyna gaýtarylmagy baradaky arza wizanyň ret edilen senesinden başlap üç aýyň dowamynda berilmelidir. Bu möhletden soň berlen arzalar kabul edilmez.
-
Arza tassyklanandan soň, tölenen arza töleginiň 50%-i yzyna gaýtarylar.
-
Tölegiň yzyna gaýtarylmagy, uniwersitete töleg geçirilen bank hasabyna amala aşyrylar. Talyp tölegiň başga bir bank hasabyna geçirilmegini islese, bu ýagdaýy yzyna gaýtarmak baradaky arzasında uniwersitete ýazmaça habar bermelidir.
-
Talybyň görkezen bank hasaby ýa-da tölegiň ilkinji geçirilýän bank hasaby milli ýa-da halkara düzgünlere laýyklykda tölegi kabul etmek üçin laýyk däl hasaplanylsa, uniwersitet yzyna gaýtarylmaly tölegi öz ygtyýarynda saklap biler. Şeýle ýagdaýda talyp hiç hili bergi, zyýan, göterim ýa-da başga talap bilen ýüz tutup bilmez.

